Germaniýanyň Bremen şäherindäki metjide ýene-de hüjüm guraldy

Germaniýanyň Bremen şäherindäki Yslam jemgyýeti Milli göreşe degişli Fatih metjidinde soňky 6 aýda 2-nji gezek yslamafobik hüjüm  guraldy

922546
Germaniýanyň Bremen şäherindäki metjide ýene-de hüjüm guraldy

Düýn agşam şahsyýetleri belli bolmadyk adam ýa-da adamlar tarapyndan metjidiň diwaryna we gapysyna, sögünçli we Yslam dinine garşy ýazgylar ýazyldy.

Hüjümçiler şoňa meňzeş ýazgylary metjidiň arka tarapyndan gurluşygy dowam edýän Bilim merkeziniň diwaryna hem ýazdylar.

Fatih metjidi jemgyýetiniň başlygy Zekai Gümüş Bremeniň ilkinji we ýeke täk minaraly metjidi bolan metjidiň ýene-de rasist hüjüme sezewar galandygyna ünsleri çekip, 6 aý ozal hem metjide hüjümiň guralandygyny ýatlatdy.

Gümüş musulmanlara garşy bu hüjümleri berk ýazgarýandygyny belläp, hüjümçileriň iň gysga wagtda tapylmagyny umyt edýändiklerini mälim etdi.


Etiketkalar: #Germaniýa , #metjit , #hüjüm

Degişli Habarlar