Makron we Merkel Putine çagyryş berdi...

Fransiýanyň Prezidenti Emmanueln Makron we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Russiýanyň döwlet başlygy Wladimir Putine çagyryş berdiler

917255
Makron we Merkel Putine çagyryş berdi...

Fransiýanyň Prezidenti Emmanueln Makron we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Russiýanyň döwlet başlygy Wladimir Putine BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde maslahatlaşyljak Siriýanyň Gündogar Guta sebitinde od açmazlyk baradaky taslama goldaw bermek we jogäpkärçilik almak barada çagyryş berdi.

Fransiýanyň Ýeliseý köşgi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda Makron we Merkeliň rus lider Putine içinde Siriýadaky wakalaryň we Gündogar Gutadaky adamzat pajygasynyň ýazylan umumy haty iberendigi habar berildi.

Beýanatda iki lideriň Putine BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde ara alyp maslahatlaşyljak Gündogar Guta ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi, ýaralanan adamlaryň çykarylmagy üçin od açmazlygyň baradaky ylalaşygyň yglan edilmegi we hüjümleriň iň gysga wagtda bes edilmegi barada çagyryş berendigi mälim edildi.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde sese goýuljak karar taslamasyna Russiýanyň goldaw bermegini talap eden iki lideriň Fransiýanyň we Germaniýanyň Siriýada halkara adamzat hukugyna ters ýagdaýda asuda ilata, çagalara we hassahanalara guralýan hüjümleri iň berk ýagdaýda ýazgarýandyklaryny bellediler.  



Degişli Habarlar