“Russiýa Serbiýa isleg bildiren halatynda dialog etabyna degişli bolar”

Sergeý Lawrow ÝB-niň töwellaçylygynda Serbiýa bilen Kosowanyň arasynda dowam edýän dialog etaby barada durup geçdi

916032
“Russiýa Serbiýa isleg bildiren halatynda dialog etabyna degişli bolar”

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Serbiýa bilen Kosowanyň arasyndaky dialog etabyna ABŞ goşulşan halatynda ýurdunyň hem etaba degişli bolup biljekdigini aýtdy.

Lawrow Serbiýa bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 180 ýyllygy mynasibetli Belgiýa guran saparynyň çäginde Prezident Aleksandar Wujij bilen duşuşdy.

Sergeý Lawrow ÝB-niň töwellaçylygynda Serbiýa bilen Kosowanyň arasynda dowam edýän dialog etaby barada durup geçdi.

Lawrow “ABŞ etaba goşulşan halatynda Russiýa hem Serbiýa isleg bildiren halatynda dialog etabyna degişli bolup biler”diýdi.

Serbiýanyň Prezidenti Wujij hem ÝB-ne agzalyga tarap barýan Serbiýanyň Russiýa sanksiýa goýmajakdygyny ýene-de bir gezek tekrarlady.

 



Degişli Habarlar