Eýranda ýekşenbe güni heläkçilige uçran ýolagçy uçarynyň galyndylary tapyldy

Uçardaky biri çaga 60 ýolagçy bilen 6 adamlyk ekipaždan halas bolan bolmandy

914238
Eýranda ýekşenbe güni heläkçilige uçran ýolagçy uçarynyň galyndylary tapyldy

Eýranyň döwlet telewideniýesi IRINN-e görä, Eýranyň ynkylap goragçylarynyň metbugat geňeşçisi Ramazan Şerif, paýtagt Tährandan uçandan soň Yspyhan welaýatynyň golaýynda ýere gaçan Aseman howa ýyllaryna degişli ýolagçy uçarynyň galyndylarynyň tapylandygyny aýtdy.

Şerif dik uçar we uçarmansyz howa ulagy arkaly uçaryň galyndysynyň Nukul obasynyň golaýyndaky Dina dagyndan 4 müň metr belentlikdediginiň anyklanylandygyny ýatlatdy.

Tähran-Ýasuj saparyny amala aşyrýan Aseman howa ýollaryna degişli ATR -72 kysymly ýolagçy uçary ýekşenbe güni Yspyhan welaýatynyň Semirpm etrabynda heläkçilige uçrapdy.

Uçardaky biri çaga 60 ýolagçy bilen 6 adamlyk ekipaždan halas bolan bolmandy.



Degişli Habarlar