Gündogar Guta guralan howa we gury ýer hüjümlerinde 4-i çaga 9 adam ýogaldy

Gündogar Guta Astana ylalaşygynyň çäginde çaknyşyksyz zolak hökmünde yglan edilipdi

913190
Gündogar Guta guralan howa we gury ýer hüjümlerinde 4-i çaga 9 adam ýogaldy

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň gabawy astynda bolan Gündogar Guta guralan howa we gury ýer hüjümlerinde 4-i çaga 9 adam ýogaldy.

Düýn ir ertir Duma etraby bilen Misraba, Merj, Sakba, Jisrib, Kefer Batna we Aýn Terma etrapçalaryndaky asuda ilata garşy howa we gury ýer hüjümleri guraldy.

Hüjümde asuda ilatdan 4-i çaga jemi 9 adam ýogaldy.

Hüjümlerde ýaralananlar saglygy goraýyş merkezlerinde bejergi astyna alyndy.

Oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Gündogar Gutada 400 müňe golaý adam ýaşaýar.

Gündogar Guta Astana ylalaşygynyň çäginde çaknyşyksyz zolak hökmünde yglan edilipdi.

Emma Russiýanyň hemaýatkärligi astyndaky Asada tabynlykdaky güýçler geçen ýylyň aprel aýyndan bäri Gündogar Guta hüjüm guraýar.

Gündogar Gutada  köp sanly çaga açyk we derman ýetmezçiligi sebäpli ýogaldy. Müňlerçe adam hem başga ýere göçürildi.

 



Degişli Habarlar