Owganystanda geçen ýylky hüjümlerde 3500 adam ýogaldy

Owganystanda geçen ýyl guralan hüjümlerde takmynan 3500 adam ýogaldy

911170
Owganystanda geçen ýylky hüjümlerde 3500 adam ýogaldy

BMG tarapyndan berilen beýanatda ýogalanlaryň arasynda 359-y zenan we 861-i çagadygy mälim edildi.

Ýurdyň dürli ýerlerinde guralan hüjümlerde 7015 adamyň ýaralanandygy aýdylýan beýanatda şolaryň 42 göteriminiň terror guramasy Talibanyň, 10 göteriminiň terror guramasy DAIŞ-iň, 16 göteriminiň hökümede bagly güýçleriň, 2 göteriminiň daşary ýurtly güýçleriň, galanlaryň bolsa tapawutly terrorçylykly toparlaryň jogapkärçilgidigi beýan edildi.

Beýanatda Pakistan serhet birikmeleri tarapyndan guralan hüjümleriň netijesinde bolsa asuda ilatdan 23 adamyň ýogalandygy habar berildi.

Asuda ilatdan iň köp ýitgi paýtagt Kabul başda bolmak bilen ýurdyň Farah, Helmand, Kunduz we Uruzgan welaýatlarynda bolandygy mälim edildi.

Terror guramasy DAIŞ-iň dini merkezlere guran hüjümlerinde 2017-nji ýylda 50 göterim artyş bolandygy aýdylýan beýanatda terror guramasy bilen bolýan çaknyşyklaryň bolsa 19 göterim azalandygy beýan edildi.

Beýanatda asuda ilat ýitgileriniň geçen ýyl 2016-njy ýyla garanyňda 7 göterim artandygyna ünsler çekildi.


Etiketkalar: #Owganystan , #BMG , #hüjüm , #Taliban , #DAIŞ

Degişli Habarlar