BMG-nyň Baş sekretary Demirgazyk Koreýanyň Mejlisiniň başlygy bilen duşuşdy

Antoniu Guterreş Phençan şäherinde Demirgazyk Koreýanyň Mejlisiniň başlygy Kim Ýong Nam bilen duşuşdy

907691
BMG-nyň Baş sekretary Demirgazyk Koreýanyň Mejlisiniň başlygy bilen duşuşdy

Gyşky olimpiada oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Günorta Koreýa giden BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş Phençan şäherinde Demirgazyk Koreýanyň Mejlisiniň başlygy Kim Ýong Nam bilen duşuşdy.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Farhan Hag gündelik metbugat ýygnagynda Guterreşiň duşuşykda Koreýa Ýarymadasynyň ýadro ýaraglaryndan saplanmagy üçin ähli taraplaryň gepleşik geçirmelidigini aýratyn belländigini aýtdy.

Iki ýyldan bäri diplomatiýa taýdan gatnaşyk etmeýän Günorta Koreýa bilen Demirgazyk Koreýa türgenleriň açylyş dabarasynda bir baýdagyň astynda ýöremegi we olimpiadalarda birleşen zenan hokeý komandasynyň döredilmegi babatynda ylalaşyk gazanypdy.

Phençandaky Gyşky olimpiada oýunlarynyň açylyş dabarasyna Demirgazyk Koreýanyň Döwlet baştutany Kim Ýong Unyň aýal dogany Kim Ýo Ýong bilen ABŞ-nyň Wise-prezidenti Maýk Pens hem gatnaşdy.

 



Degişli Habarlar