Indoneziýada sil apaty we ýeriň süýşmegi sebäpli 2 adam ýogaldy

Tebigy apatda şeýle hem 4 adam dereksiz ýitdi

903987
Indoneziýada sil apaty we ýeriň süýşmegi sebäpli 2 adam ýogaldy

Indoneziýada aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda we ýeriň süýşmegi netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy, 4 adam dereksiz ýitdi.

Gözleg we halas ediş işlerine polisiýa işgärleri, esgerler we ýönekeý halk gatnaşýar.

Tebigy apat esasan hem Riung Gunung obasyna öz täsirini ýetirdi.

Milli Apat dolanşyk edarasynyň metbugat geňeşçisi Sutopo Purwo Nugroho Punjak şäherçesiniň 4 aýry ýerinde ýeriň süýşendigini, ýurdyň paýtagty Jakartada bolsa sil suwynyň derejesiniň iň ýokary derejä ýetendigini habar berdi.



Degişli Habarlar