Gündogar Gutada guralan howa we gury ýer hüjümlerinde asuda ilatdan 7 adam ýogaldy

Hüjümlerde ýaralananlar golaýdaky saglygy goraýyş merkezlerinde bejergi alýar

902686
Gündogar Gutada guralan howa we gury ýer hüjümlerinde asuda ilatdan 7 adam ýogaldy

 

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň gabawy astyndaky Gündogar Gutada guralan howa we gury ýer hüjümlerinde asuda ilatdan 7 adam ýogaldy.

Asada tabynlykdaky güýçler Gündogar Gutanyň Duma we Haresta etraplary bilen Beýt Sawa, Misraba, Sakba, Arbin, Merj, Jisrin, Kefer Batna we Hammuriýe etrapçalaryna howa we gury ýer hüjümlerini gurady.

Asada tabynlykdaky güýçleriň Arbin etrapçasyna guran howa hüjümlerinde asuda ilatdan 3 adam ýogaldy.

Hammuriýe we Duma  etrapçalarynda guralan raketa hüjüminde bolsa 4 adam ýogaldy.

Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan yzygiderli ýagdaýda nyşana alynýan etrapçalarda gözleg we halas ediş işleri güýçli depgünde dowam edýär.

Hüjümlerde ýaralananlar golaýdaky saglygy goraýyş merkezlerinde bejergi alýar.



Degişli Habarlar