Kabulda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 40 adam ýogaldy

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy Taliban öz üstüne aldy

898237
Kabulda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 40 adam ýogaldy

Owganystanyň paýtagty Kabulda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 40 adam ýogaldy, 140 adam ýaralandy.

Hüjümiň ozalky Içeri işler ministrliginiň binasynyň we Jemhuriýet hassahanasynyň golaýynda guralandygy nygtaldy.

Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisiniň orunbasary Nasrat Rahimi hüjümçiniň bombalary tiz kömek ulagyna ýerleşdirendigini ýatlatdy.

Hüjüm sebäpli golaýdaky binalara zeper ýetirildi.

Hüjümiň guralan zolagynda birnäçe ýurduň ilçihanasy ýerleşýär we şol zolakda berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.

Hüjümden soň käbir köçeler gatnawa ýapyldy.

Hüjümde ýaralananlaryň sanynyň köplügi sebäpli ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy Taliban öz üstüne aldy.

 

 

 



Degişli Habarlar