“Yslam we musulman jemgyýeti rus medeni gurluşyň aýrylmaz bir bölegi”

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Yslamyň we musulman jemgyýetiň rus medeni gurluşyň aýrylmaz bir bölegidigini belledi

897085
“Yslam we musulman jemgyýeti rus medeni gurluşyň aýrylmaz bir bölegi”

Putin Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda Russiýanyň Yslam alymlary bilen duşuşyk geçirdi.

Teologik yslam biliminiň Russiýada ýaňadandan janlandyrylmagynyň örän wajypdygyny aýdan Putin: “Teologik yslam bilimi elmydama çuň we ajaýyp bir taryha eýedi. 1917-nji ýyldaky rewolýusiýadan ozal rus musulman alymlary dünýäniň her ýerinde örän hormatlanýan adamlardy we pikirleri örän gymmatlydy” didýi.

SSSR zamanyndan bolsa şol baýlygyň ýitendigini aýdan Putin: “Hökümetimiz Russiýada Yslam dini biliminiň goldanmagy üçin ädimler eder. Sebäbi Yslam rus medeni kodunyň möhüm bir bölegidir we musulman jemgyýeti şübhesiz Russiýanyň köp milletli halkynyň möhüm bir bölegidir” diýdi.

Russiýada ilatyň 15 götermini emele getirýän takmynan 20 million musulman ýaşaýar.



Degişli Habarlar