Eýranyň günortasynda ýerleşýän nebit ammarynda ýangyn boldy

Hadysada 3 adam ýogaldy

896927
Eýranyň günortasynda ýerleşýän nebit ammarynda ýangyn boldy

Eýranyň günortasyndaky Bandar Abbas şäherindäki nebit önümleri saklanýan ammarda ýüze çykan ýangynda 3 adam ýogaldy, 2 adam bolsa agyr ýaralandy.

Eýranyň döwlet telewideniýesi wakanyň tankerleri ýylatmak üçin ulanylýan bir ammarda bolandygyny, ýangynyň gysga wagtda ulalandygyny habar berdi.

Şäheriň 35 km günbataryndaky waka iberilen ýangyn söndürijiler ýanýan ammary beýleki ammarlardan aýyryp ýangyny gözegçilik astyna almaga synanyşýarlar.



Degişli Habarlar