Mettis: “Türkiýe Zeýtun şahajygy operasiýasy babatynda bize duýduryş berdi”

ABŞ-niň Goranmak ministri Jeýms Mettis Türkiýäniň Türkiýäniň Zeýtun şahajygy operasiýasy babatynda özlerine duýduryş berendigini habar berdi

893810
Mettis: “Türkiýe Zeýtun şahajygy operasiýasy babatynda bize duýduryş berdi”

Amerikan mediasynda berilýän habarlara görä Mettis Günorta-gündogar Aziýa ýurtlaryna sapara çykan mahaly uçarda metbugat işgärlerine Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Afrin sebitinde ÝPG/PKK we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýda getirmek üçin başladan operasiýasy barada maglumat berdi.

Türkiýäniň möhüm bir NATO hyzmatdaşydygyny aýdan Mettis: “Türkiýäniň kanuny howpsyzlyk aladalary bar” diýdi.

Hüjümden ozal Türkiýäniň ABŞ-e duýduryş berendigini aýdan Mettis: “Türkiýe açyk sözlüdi. Howa hüjümlerini guramadan ozal, hüjümi gurajakdyklary barada bize duýduryş berdi” diýdi.

Mundan başgada Mettis Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Afrine guraýan operasiýa sebäpli sebitdäki amerikan esgerleriniň howpsyz ýagdaýdadygyny belledi.


Etiketkalar: #Mettis , #ABŞ , #hüjüm , #Afrin

Degişli Habarlar