Mahmud Abbas Germaniýanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas Germaniýanyň Daşary işler ministri Sigmar Gabriel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

891924
Mahmud Abbas Germaniýanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Palestinanyň resmi WAFA habar gullugynyň berýän habaryna görä, Abbas bilen Gabriel Palestina bilen Ysraýylyň arasyndaky parahatçylyk etabynda ýetilen soňky sepgit  hakynda pikir alyşdy.

Telefon söhbetdeşliginde şeýle hem Abbasyň 22-nji ýanwarda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde ÝB-niň Daşary işler ministrleri bilen geçirjek maslahaty meselesi seljerildi.

Germaniýanyň daşary işler ministri ýurdunyň iki döwletli çözgüde esaslanýan syýasy etaba goldaw berýändigini ýene-de bir gezek nygtady.

Gabriel fewral aýynda Palestina sapar gurajakdygyny aýtdy.

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbasyň parahatçylyk etabynyň çäginde ÝB-niň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin geljek hepde Belgiýa gitmegine garaşylýar.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 6-njy dekabrynda  beren beýanatynda Iýerusalimi “Ysraýylyň paýtagty” hökmünde ykrar edipdi we Tel Awiwdäki ilçihanasynyň Iýerusalime göçürilmegi üçin Döwlet sekretarlygyna görkezme berendigini aýan edipdi.

Trampyň şol kararyndan soň Palestinanyň Prezidenti Abbas ABŞ-nyň parahatçylyk etabynda töwellaçy bolmajakdygyny aýdypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar