Siriýanyň Idlib welaýatyndaky hüjümlerde 14 adam ýogaldy

Siriýanyň Idlib welaýatyndaky käbir obalara guralan howa hüjümlerinde ýene-de 14 adam ýogaldy

887712
Siriýanyň Idlib welaýatyndaky hüjümlerde 14 adam ýogaldy

Idlib welaýatynyň Graždan goranyş gullugynyň müdüri Mutafa Haj Ýusuf: “Rus uçarlarynyň Han Es Sübüle guran howa hüjümlerinde 9 adam ýogaldy, azyndan 10 adam ýaralandy” diýdi.

Asuda ilatyň ýaşaýan ýerlerine guralýan howa hüjümleriň dowam edýändigini aýdan Haj Ýusuf: “Rus uçarlarynyň Idlibde ýerleşýän Kefer Battih we Serje obalaryna guran howa hüjümlerinde bolsa 2-si zenan, 1-i çaga bolmak bilen jemi 5 adam ýogaldy” diýip mälim etdi.

Ýaralan adamlaryň golaýdaky saglygy goraýyş merkezlerine iberilendigini aýdan Haj Ýusuf Erihadaky Graždan goranyş merkeziniň hem hüjümlerde zeper ýetip, hyzmat bermegini bes edendigini belledi.

Alynan maglumata görä Idlibde soňky 1 aýda guralan hüjümlerde azyndan 110 adam ýogaldy.


Etiketkalar: #Idlib , #hüjüm , #asuda ilat , #adam , #rus , #uçar

Degişli Habarlar