Fransiýanyň Prezidenti Ysraýylyň Premýer ministri bilen söhbetdeş boldy

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýaha Eýran bilen gol çekişilen ýadro şertnamalarynyň düzgünlerini berjaý etmäge we ähli taraplara ylalaşygyň düzgünlerine boýun bolmaga çagyrdy

887879
Fransiýanyň Prezidenti Ysraýylyň Premýer ministri bilen söhbetdeş boldy

Fransiýanyň Prezident diwany tarapyndan berilen beýanatda Makronyň Netanýahu bilen telefon söhbetdeşligini geçirendigi habar berildi.

Iki lideriň Eýranyň sebitdäki hereketleri we ylalaşygyň ballistik bölümi bilen baglanşykly derňew geçirilmegi barada pikirdeşdigi aýdylýan beýanatda Fransiýanyň geçen ýylyň sentýabr aýyndan bäri muny ýygy-ýygydan belläp geçendigi ýatladyldy.

Makron bilen Netanýahunyň telefon söhbetdeşliginde Palestina we Ysraýylyň arasyndaky parahatçylyk etabynyň gün tertibe getirilendigi we munyň hem 10-njy dekabrda Netanýahunyň Pariž saparyndan soňky gepleşikleriň dowamy häsýetindedigi nygtaldy.

Makron birnäçe gün ozal ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş bolupdy we Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygynyň düzgünlerini berjaý etmäge çagyrypdy.

Makron Ýakyn Gündogarda hemişelik parahatçylygyň üpjün edilmegi maksady bilen Eýranyň hökümeti bilen ballistik programa we sebitleýin syýasat barada dialogyň geçirilmeginiň we gazanylan ylalaşygyň dogry ýagdaýda ýola goýulmagynyň gerekdigini belläpdi.



Degişli Habarlar