Eýranyň günorta gündogarynda 5,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Ýer titremesinde ölen ýiteniň bolup bolmandygy barada heniz hiç hili beýanat berilmedi

885944
Eýranyň günorta gündogarynda 5,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy

 

Eýranyň günorta gündogarynda ýerleşýän Kerman welaýatynyň Hujidek şäherinde 5,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Tähran uniwersitetiniň Seimologiýa merkezinden berlen beýanata görä, Hujidek şäherinde ýerli wagt bilen sagat 06,48-de ýer titremesi boldy.

Ýer titremesiniň ýeriň 10 kilometr aşagynda bolandygy nygtaldy.

Ýer titremesinde ölen ýiteniň bolup bolmandygy barada heniz hiç hili beýanat berilmedi.

 



Degişli Habarlar