Müsürde mart aýynda prezident saýlawy geçirler

Müsürde 2018-nji ýylyň mart aýynda prezident saýlawy geçirler

884759
Müsürde mart aýynda prezident saýlawy geçirler

 

Müsüriň Milli saýlaw geňeşiniň başlygy Laşin Ibrahim saýlaw kalendary hakynda metbugata beren beýanatynda mart aýynyň 26-27-si we 28-i aralygynda prezident saýlawynyň birinji tapgyrynyň geçiriljekdigini aýtdy.

Saýlawyň birinji tapgyrynyň netijeleriniň 2-nji aprelde yglan ediljekdigini aýdan Ibrahim, saýlawda dalaşgärlerden biri 50 göterimden az ses alan halatynda iň köp ses alan iki dalaşgäriň ikinji tapgyrda bäsleşjekdigini ýatlatdy.

Saýlawyň ikinji tapgyrynyň aprel aýynyň 24-25-i we 26-y aralygynda geçiriljekdigini aýdan Ibrahim maý aýynda bolsa saýlawyň netijesiniň belli boljakdygyny aýtdy.

Müsürde saýlaw bäsleşiginiň häzirki Prezident Abdulfettah As Sisi bilen liberal oppozisioner Halid Aliniň arasynda çekeleşikli geçmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar