Idlibde iki ulag bilen guralan bombaly hüjümlerde 20 adam ýogaldy

Hüjümlerde 30-dan gowrak adam ýaralandy

883476
Idlibde iki ulag bilen guralan bombaly hüjümlerde 20 adam ýogaldy

Siriýanyň Idlib şäherinde iki ulag bilen guralan bombaly hüjümlerde ilkinji kesgitlemelere görä, 20 adam ýogaldy, 30 adam ýaralandy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, birnäçe tonna partlaýjy maddasy ýüklenen ilkinji ulag bazar ýeriniň golaýynda ýaryldy.

Al Maýadine görä, partlamada 30-dan gowrak adam ýaralandy.

Bomba ýüklenen ikinji ulag bilen guralan hüjümde bolsa azyndan 20 adam ýogaldy.

Asada tabynlykdaky güýçleriň we rus howa hüjümleriniň Idlibde guraýan howa hüjümleriniň güýçlenmeginden soň ünsler terror guramalary DAIŞ-e we PKK-a gönükdi.

Türkiýäniň Siriýa serhedinde ýerleşýän Idlib şäheri Moskwa, Ankara we Tähran tarapyndan gazanylan ylalaşyga laýyklykda çaknyşyksyz zolak hökmünde yglan edilipdi.

 



Degişli Habarlar