Eýranda başlan hökümete goldaw ýörişleri müňlerçe adamyň gatnaşmagynda dowam edýär

Hökümete garşy ýörişleriň bolsa depgini gowşady

881770
Eýranda başlan hökümete goldaw ýörişleri  müňlerçe adamyň gatnaşmagynda dowam edýär

 

Eýranda hökümediň tarapdarlarynyň hökümete goldaw ýörişini geçirmeginden soň hökümete garşy ýörişleriň depgini gowşady.

Hökümet ýurdy dartgynlaşdyran güýçleriň tapylmagy üçin işe girişdi.

Eýrandaky ýörişlerde saklanan ýewropalynyň şahsyýeti hakynda maglumat berimedi.

Eýranly ýolbaşçylar şol adamyň Ýewropanyň razwetka gullugynyň içalylary tarapyndan tälim alandygyny öňe sürýär.

Beýleki tarapdan Eýran-Yrak serhedinde bolan çaknyşykda Eýranyň razwetka gullugyndan 3 adamyň öldürlendigi habar berildi.

Ynkylap goragçylary Eýranyň razwetka gullugynyň işgäri 3 adamyň Yrak serhedindäki Piranşehr şäheriniň golaýynda bolan çaknyşykda ýogalandygyny mälim etdi.

2017-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Eýranyň Meşed şäherinde gündelik durmuş şertleriniň gün saýyn agyrlaşýandygy sebäpli başlan protest ýörişlerinden gysga wagt soň Tähran, Şiraz, Kum, Ahwaz, Zahidan, Hurrem Abad ýaly birnäçe şäherde hökümete garşy protest ýörişleri geçirildi.

Ýurduň çar tarapynda başdan geçirlen wakalarda häzire çenli 24 adamyň ýogalandygy, 1000-den gowrak adamyň hem saklanandygy nygtaldy.

Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň serkerdesi Jaferi düýn Eýranyň döwlet tele ýaýlymynda eden çykyşynda hökümete garşy ýörişleriň bes edilendigini öňe sürüpdi.

Beýleki tarapdan Eýranyň çar tarapynda düýn başlan hökümete goldaw ýörişleri şu gün hem müňlerçe adamyň gatnaşmagynda dowam edýär.

Ýörişlerde ABŞ-na we Saud Arabystanyna garşy şygarlar aýdylýar.

 



Degişli Habarlar