Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Taro Kono Iordaniýada saparda boldy

Iki ministr Palestina meselesi, Siriýadaky krizis, terrora garşy göreş we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy

876790
Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Taro Kono Iordaniýada saparda boldy

 

Resmi sapar bilen İordaniýa baran Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Taro Kono kärdeşi Eýmen As Safedi bilen duşuşdy.

Iordaniýanyň resmi habarlar gullugy PETRA-nyň berýän habaryna görä, iki ministr özara duşuşykda Palestina meselesi, Siriýadaky krizis, terrora garşy göreş we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

Iki kärdeş İordaniýa bilen Ýaponiýanyň arasynda maýa goýum, söwda we ykdysadyýet ýaly ugurlarda edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmagynyň möhümdigini nygtady.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Iýerusalim karary hakynda durup geçen Safedi ady agzalýan kararyň halkara kanunlara bap gelmeýändigini belledi.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri hem ýurdunyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Ierusalime göçürmejekdgini we İerusalim meselesiniň gepleşik arkaly çözülmelidigini nygtady.

 

 



Degişli Habarlar