Gannuşi Iýerusalim meselesinde alyp barýan tutanýerli tutumy üçin Erdogana sag bolsun aýtdy

Tunisiň Nahda hereketiniň lideri Raşid Al Gannuşi Iýerusalim meselesinde alyp barýan tutanýerli tutumy üçin Prezident R. T. Erdogana sag bolsun aýtdy

871528
Gannuşi Iýerusalim meselesinde alyp barýan tutanýerli tutumy üçin  Erdogana sag bolsun aýtdy

Gannuşi ABŞ-nyň Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmegine garşy Stambulda geçirlen Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň nobatdan daşary maslahaty hakynda Anadoly habarlar gullugyna beýanat berdi.

Gannuşi Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Stambulda geçirlen maslahaty hakynda “Türkiýe Arap ligasynyň geçirip bilmedik maslahatyny geçirdi we Prezident Erdogana maslahatyň geçirilmegi üçin eden tagallasy sebäpli sag bolsun aýdýaryn” diýdi.

Gannuşi Palestina we Iýerusalim meselesiniň musulman dünýäsi üçin esasy meseledigini nygtady.

Resmi Waşingtonyň 1,5 milliardlyk musulman dünýäsi üçin Iýerusalimiň nähili möhümdigine göz ýetirip bilmändigi üçin şeýle karar kabul edendigini nygtan Gannuşi, ABŞ-nyň Iýerusalim hakyndaky kararyndan soň musulman ýurtlarynda geçirlen protest ýörişleriniň musulmanlaryň jebislikde hereket edendigini ýatlatdy.

84 göterimi ýagný 22 millioný bolsa pes we orta girdejili ýurtlarda ýaşaýar.



Degişli Habarlar