Ýemende hyzmatdaş güýçleriniň polis gözegçilik merkezini nyşana alan howa hüjüminde 39 adam ýogaldy

Ölenleriň we ýaralananlaryň polis gözegçilik merlezinde göz tussaglygynda saklanýanlardygy habar berildi

867573
Ýemende hyzmatdaş güýçleriniň polis gözegçilik merkezini nyşana alan howa hüjüminde 39 adam ýogaldy

 

Ýemende hyzmatdaş güýçleriniň paýtagt Sanada polis gözegçilik merkezini nyşana alan howa hüjüminde 39 adamyň ýogaldygy, 90 adamyň ýaralanandygy öňe sürüldi.

Husilere degişli Al Mesire telewideniýe kanalynda berlen habara görä, Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleri paýtagt Sananyň gündogarynda ýerleşýän polis gözegçilik merkezine howa hüjümini gurady.

Ölenleriň we ýaralananlaryň polis gözegçilik merlezinde göz tussaglygynda saklanýanlardygy habar berildi.

Ady agzalýan merkezde Husilere garşy söweşýän we göz tussaglygyna alynan 180 adamyň bardygy nygtalýar.

Ýemende legal hökümeti agdaran Husiler we oňa goldaw berýän Salihiň tarapdarlary 2014-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri paýtagt Sana bilen birlikde käbir welaýatlara gözegçilik edýär.

Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleri bolsa 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Ýemeniň hökümetine goldaw berýär.

 



Degişli Habarlar