Ýemende 4 günde 234 adam ýogaldy.

Ýemendäki Halkara Gyzylhaç komitetiniň metbugat sekretary Adnan Hizam taraplara asuda ilatyň goralmagy çagyryşyny berdi

861783
Ýemende 4 günde 234 adam ýogaldy.

Ýemeniň paýtagty Sanada Husiler bilen düýn öldürlen ozalky Prezident Ali Abdullah Salihiň tarapdarlarynyň arasynda bolan çaknyşyklarda soňky 4 günde 234 adam ýogaldy.

Mesele hakynda berlen beýanatda çaknyşyklarda 400-den gowrak adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Ýemendäki Halkara Gyzylhaç komitetiniň metbugat sekretary Adnan Hizam taraplara asuda ilatyň goralmagy çagyryşyny berdi.

Husileriň Salihiň tarapdarlarynyň gözegçiligi astyndaky Salih metjidine girmäge çalyşmagy sebäpli paýtagt Sananyň günortasynda ýerleşýän etrapçalarda iki tarapyň arasynda güýçli çaknyşykar boldy we Husiler metjide girmegi başardy.

Düýn öldürlen Ýemeniň ozalky Prezidenti Salih hem şenbe güni tarapdarlaryna we Ýemeniň halkyna Husilere garşy herekete geçmekleri üçin çagyryş beripdi.

 



Degişli Habarlar