Gündogar Gutada Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan guralan howa hüjümlerinde 20 adam ýogaldy

Howa hüjümlerinde onlarça adam hem ýaralandy

860516
Gündogar Gutada Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan guralan howa hüjümlerinde 20 adam ýogaldy

Siriýanyň paýtagty Damaskyň Gündogar Guta etrabynda Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan guralan howa hüjümlerinde asuda ilatdan 20 adam ýogaldy.

Hüjümlerde onlarça adam hem ýaralandy.

Asada tabynlykdaky güýçlere degişli harby uçarlaryň düýn günüň dowamynda yzygiderli ýagdaýda guran hüjümleri sebäpli Hammuriýe etrapçasynda 13, Arbin etrapçasynda 4, Beýt Sewa etrapçasynda 2 we Misraýa obasynda hem 1 adam ýogaldy.

Howa hüjümlerinde onlarça adam hem ýaralandy.

Hüjümlerde nyşana alynan ýerleriň ýykylandygy habar berildi.

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan De Mistura 28-nji noýabrda beren beýanatynda Russiýanyň teklibine laýyklykda Siriýanyň hökümetiniň Gündogar Gutada çaknyşyklary bes etmegi kabul edendigini mälim edipdi.

5 ýyldan bäri gabaw astynda bolan Gündogar Guta Astana şertnasmasynyň çäginde “çaknyşyksyz zolak” hökmünde yglan edilipdi.

 



Degişli Habarlar