Tramp Ak Tamda Bahreýiniň Mirasdar Şazadasyny kabul etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak Tamda Bahreýiniň Mirasdar Şazadasy Salman Bin Hamad Al Halifi kabul etdi

859031
Tramp Ak Tamda Bahreýiniň Mirasdar Şazadasyny kabul etdi

Duşuşygyň öňüsyrasynda Owal ofisde metbugata beýanat beren Tramp Bahreýin bilen gysga wagtda 9 milliard dollarlyk söwda şertnamasyny baglaşjakdyklaryny we mundan hoşaldyklaryny aýtdy.

ABŞ-na guran saparyny “netijeli sapar” hökmünde häsiýetlendiren Bahreýiniň Mirasdar Şazadasy Al Halife hem iki ýurduň arasynda ýüz ýyldan bäri dowam edýän hyzmatdaşlyga we halklaryň arasyndaky dostluga ünsi çekdi.

Tramp bilen Mirasdar Şazada ilkinji nobatda iki ýurduň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklary bilen birlikde sebitara we halkare meseleler hakynda pikir alyşdy.



Degişli Habarlar