Köçede tapan çegi eýesine berdi, eýesi çegiň ýerine öý sowgat berdi...

ABŞ-da öýsiz bir adam köçede tapan 10 müň dollarlyk çegi eýesine bereninden soň durmuşy düýbünden üýtgedi

856997
Köçede tapan çegi eýesine berdi, eýesi çegiň ýerine öý sowgat berdi...

Amerikanyň Konnektikut ştatynda köçede tapan çegi eýesine gowşyran Elmer Alwarez çegiň eýesi işewür zenan Roberta Hoskie tarapyndan öý bilen sylaglandyryldy.  

Çegi ýitirendigini Elmer Alwarezden bilen Hoskie Alwareziň öýsüzdigini bileninden soň Facebook-yň üsti bilen minnetdarlyk wideosyny çap etdi.

Wideo müňlerçe gezek tomaşa edildi.

Ozal özüniň hem birnäçe wagtlap öýsiz ýaşandygyny aýdan Roberta Hoskie: “Maňa durmuşymy ýola goýmak üçin biri kömek beripdi. Şol sebäpli Elmeri iş bilen üpjün ederin hem-de bilim almak üçimn goldaw bererin. Ol bu gyş sowukda ýaşamaz. Indi onuň bir öýi bar” diýdi.

Wideony gören Elmer Alwarez sylagdan zyýada Hoskieniň minnetdarlygynyň özi üçin gymmatlydygyny belledi.


Etiketkalar: #çek , #ABŞ , #ştat , #wideo , #öý

Degişli Habarlar