Siriýa meselesi boýunça Soçide geçirilen möhüm maslahat öz işini tamamlady

Liderler maslahatdan soň metbugat ýygnagyny geçirdiler

853210
Siriýa meselesi boýunça Soçide geçirilen möhüm maslahat öz işini tamamlady

Prezident R.T.Erdogan we eýranly kärdeşi Hasan Ruhani Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýer eýeçiliginde 6 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän içerki urşuň gysajyndaky Siriýa barada pikir alyşdylar.

Üç lideriň özara duşuşygyndan soň bilelikdäki metbugat ýygnagynda ilkinji bolup söz alan Putin Siriýanyň Milli dialog kongresinin geçirilmegi barada ylalaşandyklaryny beýan etdi.

“Siriýalylar öz ykballaryny özleri kesgitlemeli” diýen Putin; “Siriýanyň ykdysady we sosial taýdan gaýtadan dikeldilmegi barada-da pikir alyşdyk” diýdi.

Rus lider maslahatyň Siriýanyň territorial bitewiligini berkitjek netijeleri ýüze çykarjakdygyna ünsi çekip, Türkiýäniň we Eýranyň hyzmatdaşlygy bilen Astana tapgyrynyň Siriýanyň bölünmeginiň öňüni alyp, syýasy çözgüt tapgyryna geçilmegini üpjün edendigini aýtdy.

Putinden soň söz sözlän Eýranyň lideri Ruhani: “Üç ýurduň hem Siriýanyň territorial bitewiligi, garaşsyzlygy we jebisligi boýunça şol bir pikirdedigini, Siriýada parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin ýakyn hyzmatdaşlyk edýändigini görmekden diýseň hoşal” diýdi.

Ruhani Siriýanyň Milli kongresine ýurtdaky ähli taraplaryň gatnaşmalydygyny belläp: “Bu kongres Siriýada konstitutsiýanyň täze tekstinin taýarlanmagy üçin şert döreder” diýdi.

Ruhani geljekde Siriýada howpsyz we erkin saýlawlaryň geçirilmegine şaýatlyk etmegi tama edýändigini sözleriniň üstüne goşdy.

Metbugat ýygnagynda soňky sözi alan Prezident Erdogan bolsa Türkiýäniň pozisiýasyna ünsleri çekdi.

Ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-ä ünsi çeken Erdogan, Siriýany bölmäge synanşýan guramanyň syýasy çözgüde goşant goşmagy nazarda tutulýan platformarda orun eýelemejekdigini duýdurdy.

Erdogan: “Terror toparlarynyň tapgyrdan çetleşdirilmegi ileri tutulýan ugurlarymyzyň arasynda bolmagynda galýar” diýdi.

Siriýada hüjümleriň bes edilmegi we dartgynlygy azaldyjy zolaklar boýunça Astanada edilen başlangyçlaryň gowy netijeleriniň görülendigini beýan eden Erdogan, doly çözgüt üçin bolsa Ženewa tapgyryna ünsi çekdi.

Maslahatda edilen başlangyçlaryň netjeli bolmagynyň Siriýanyň höklümetine we beýleki taraplara baglydygyny nygtan Erdogan, üç lideriň Siriýanyň milli jebisligine we territorial bitewiligine sarpa goýýandyklaryny nygtandyklaryny aýtdy.

Erdogan Türkiýäniň milli howpsyzlygyna kast edýän terror guramalary bilen bir stoluň başyna oturmajakdygyny nygtap, hiç kimiň onuň tersini talap edip bilmejekdigini aýtdy.

Prezident Erdogan: “Siriýanyň territorial bitewiligi, garaşsyzlygy diýýän bolsak, ganhor topary legal tarap hökmünde ykrar edip bilmeris” diýdi.



Degişli Habarlar