Eýranyň Prezidenti Siriýa bilen bagly beýanat berdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani Siriýanyň geljegini daşary ýurtly güýçlere bermejekdiklerini we bu ýurdyň territorial bütewiligini goramaklaryny dowam etdirjekdiklerini belledi

852726
Eýranyň Prezidenti Siriýa bilen bagly beýanat berdi

Eýranyň resmi IRNA habarlar agentliginiň berýän habaryna görä Russiýanyň Soçi şäherinde şu gün üçtaraplaýyn häsýetde geçiriljek maslahatdan ozal Tähranda beýanat beren Ruhani: “Siýanyň geljegini daşary ýurtly güýçlere bermeris we oňa bu ýurdyň halky karar berer” diýdi.

Ruhani Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň garant bolmagyndaky Astana etaby bilen bu ugurda has netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini ýatlatdy.

Hasan Ruhani Soçide şu gün Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň we Russiýanyň döwlet başlygy Wladimir Putiniň gatnaşmagynda geçiriljek liderler maslahatynyň Siriýanyň geljegi taýdan möhümdigini nygtady.



Degişli Habarlar