Fransiýanyň Daşary işler ministri resmi sapar bilen Saud Arabystanyna bardy

Resmi sapar bilen Riýada baran Fransiýanyň Daşary işler ministri Le Drian Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz tarapyndan kabul edildi

849127
Fransiýanyň Daşary işler ministri resmi sapar bilen Saud Arabystanyna bardy

Saud Arabystanynyň resmi habarlar gullugy SPA-nyň berýän habaryna görä, Riýatdaky Ýemame köşgünde kabul eden Fransiýanyň Daşary işler ministri Le Drian Şa Salmana Prezident Emmanuel Makronyň salamyny gowşurdy.

Kabul edilşikde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kabul edilşige Daşary işler ministri Adil Al Jubeýr, Içeri işler ministri Emir Abdulaziz Bin Suud Bin Naýif, Döwlet ministri Musaid Bin Muhammed Al Aýban bilen Fransiýanyň Saud Arabystanyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi François Goite hem gatnaşdy.

 



Degişli Habarlar