Makron 2015-nji ýylda gazanylan ylalaşyga düzedişleriň girizilmelidigini aýtdy
Makron şeýlede “Eýranyň sebitdäki ygtyýarlyklarynyň çäklendirilmelidigini” hem nygtady

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Eýran bilen P5+1 ýurtlarynyň arasynda 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygynyň bozulmaly däldigini, emma häzirki şertlerde oňa käbir düzedişleriň girizilmelidigini aýtdy.
Dubaýda geçirilen metbugat ýygnagynda mesele boýunça garaýyşlaryny beýan eden Makron; “2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygy bozulmaly däl, eýsem şol ylalaşykdan çekilmek baradaky karar dessine bir urşa ýa-da Demirgazyk Koreýa bilen bolan şertlere meňzeş wakanyň ýüze çykmagyna sebäp boljak doly gözegçiliksizlige sebäp bolar” diýdi.
Şol bir wagtda häzirki şertlerde 2015-nji ýylda gazanylan ylalaşygyň geriminiň daralandygyny we ylalaşyga goşmaça maddalaryň girizilmelidigini aýdan Makron; “Şunuň bilen bilelikde 2015-nji ýylda gol goýulan ylalaşygyň indi ýeterli bolmandygyny pikir edýärin. Ylalaşygy ýaňadandan seljermek ýa-da bes etmek gerek däl, emma ylalaşyga iki sany madda goşulmaly” diýdi.
Fransuz lideri ilki bilen Eýranyň sebitdäki “adatdan daşary howply” ballistiki taýarlyklarynyň seljerilmäge başlanmalydygyna, şeýle-de Eýranyň ýadro maksatnamasynyň çäkleriniň doly anyklanmagynyň we gerek bolan halatynda sanksiýa goýulmalydygyna ünsi çekdi.
Makron şeýlede “Eýranyň sebitdäki ygtyýarlyklarynyň çäklendirilmelidigini” hem nygtady.
Degişli Habarlar

Braziliýada kiçi uçar ýere gaçdy
Braziliýanyň San-Paulu şäherinde kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 2 adam ýogaldy