Gresiýada sil apaty sebäpli 10 adam ýogaldy

Sil apaty Mandra, Magoula we Nea Peramos etrapçalaryna hem ýaramaz täsirini ýetirdi

848357
Gresiýada sil apaty sebäpli 10 adam ýogaldy

Gresiýanyň paýtagty Afininiň golaýyndaky Attika etrapçasynda aşa köp ýagan ýagyş sebäpli 10 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy.

Sil apaty Mandra, Magoula we Nea Peramos etrapçalaryna hem ýaramaz täsirini ýetirdi.

Üç etrapçada sil apaty sebäpli adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edildi.

Ýolbaşçylar ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýär.

Afini habarlar gullugy sil apaty sebäpli köp sanly adamyň hem dereksiz ýitendigini habar berdi.

 


Etiketkalar: #sil apaty , #Gresiýa , #etrapça , #adam

Degişli Habarlar