"Ukrainada galplyga garşy göreş kaziýeti açylmaly"

Bütin dünýä bankynyň başlygy Ýong Kim Ukrainada galplyga garşy göreş kaziýetiniň açylmalydygyny aýtdy

847493
"Ukrainada galplyga garşy göreş kaziýeti açylmaly"

Resmi sapar bilen Ukraina baran Kim Ukrainanyň Premýer ministri Wladimir Groýsman bilen duşuşdy.

Dünýäde Ukraina hakyndaky oňaýsyz garaýşyň ortadan aýrylmaga başlandygyny nygtan Kim, Ukrainada oba hojalyk pudagynda giziriljek kanuny üýtgetmeleriň maýadarlaryň ünsüni özüne çekip biljekdigini nygtady.

Galplyga garşy göreş kaziýetiň açylmalydygyna ünsi çeken Kim, “Galplyga garşy göreş kaziýetiň açylmagy diýseň möhüm. Kaziýet meselesi halkara pul gaznasy bilen baglaşylan şertnamada hem ýer alýar. Galplyga garşy göreş kaziýeti Ukraina maýa goýjak maýadarlar üçin hem möhüm”diýdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar