Ýer titremesi sebäpli Eýranda ýogalanlaryň sany 407 adama ýetdi

Ýekşenbe akşamy Yrakda bolan 7,3 bala barabar ýer titremesi sebäpli Eýranda pida bolanlaryň sany 407 adama ýetdi

846957
Ýer titremesi sebäpli Eýranda ýogalanlaryň sany 407 adama ýetdi

Eýranyň döwlet teleýaýlymyna beýannama beren Milli Krizis Dolanşygy Guramasynyň başlygynyň orunbasary Bahnam Saidi ölenlerin sanynyň 407, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 6700 adama ýetendigini aýtdy.

Milli Krizis Dolanşygy Guramasynyň başlygy İsmail Nejjar bolsa ýumrulan jaýlaryň köp bolmagy sebäpli gözleg we halas ediş işleriniň bökdeýändigini aýtdy.

Nejjar; “Kasry Şirine we Sarpulzihaba degişli obalarda agyr ýitgi çekildi. Ýumrulan jaýlaryň köp bolmagy halas ediş işlerine ýaramaz täsir ýetirýär. Şol sebäpli halkda nägilelik döreýär” diýdi.

Öýleri ýykylan müňlerçe eýranly gijäni çadyrlarda geçirdi.



Degişli Habarlar