"Eýranyň hökümeti bilen göniden çaknyşmak islemeýäris emma Eýrana goýmak isleýäris"

Jubeýr Amerikan CNBC telewideniýesine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi

845060
"Eýranyň hökümeti bilen göniden çaknyşmak islemeýäris emma Eýrana goýmak isleýäris"

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil Al Jubeýr Eýranyň hökümeti bilen göniden çaknyşmak islemeýändigini emma Eýrana goýmak isleýändiklerini aýtdy.

Jubeýr Amerikan CNBC telewideniýesine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi.

Şenbe güni Saud Arabystanynyň paýtagty Riýada Ýemen tarapyndan atylan balistiki roketa hakynda durup geçen Jubeýr “Roketa 22-nji iýulda Ýenbu welaýatyna atylan Eýranda öndürlen roketa meňzeş” diýdi.

Roketanyň Ýemene gizlinlikde alnyp gidilendigini, Hizbullah  we Eýranyň ynkylap goragçylaryna tabynlykdaky harby hünärmenler tarapyndan gurlandygyny öňe süren Jubeýr, “Şol hünärmenler Saud Arabystanyna guralan hüjümi gönükdürdiler we roketa ulananlara tälim berdiler” diýdi.

Saud Arabystanyna atylan roketanyň söweşiň yglan edilmeginiň sebäbidigini aýdan Jubeýr, Eýran bilen göniden çaknyşmak islemeýändiklerini we Eýrana embargo goýmak isleýändiklerini nygtady.

 



Degişli Habarlar