Kreml Putin-Erdogan duşuşygy barada maglumat berdi

Uşakow Soçi şäherinde Siriýa Halklary kongresi ady bilen geçirilmegi meýilleşdirilýän gepleşikleriň taýarlygynyň hem orta atyljakdygyny belledi

843910
Kreml Putin-Erdogan duşuşygy barada maglumat berdi

Kremliň Daşary syýasat boýunça maslahatçysy Ýuriý Uşakow türk we rus liderleriniň öňümizdäki hepde Soçi şäherinde geçirmegi meýilleşdirýän duşuşygynyň gün tertibiniň ileri tutulýan meselesi Siriýa krizisi boljakdygyny belläp: “Siriýa Halklary kongresiniň taýarlygy bilen bagly gepleşikler hem ele alynar” diýdi.

Uşakow paýtagt Moskwada žurnalistlere beren beýanatynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň we Russiýanyň döwlet başlygy Wladimir Putiniň arasynda 13-nji noýabrda Soçi şäherinde geçiriljek gepleşik barada gürrüň berdi.

2015-nji ýylyň 24-nji noýabrynda rus uçarynyň türk F-16 uçarlar tarapyndan urulyp, ýere gaçyrylmagyndan soň başlan krizisden ozalky derejä gaýdyp gelen we möhüm ösüşler edilýän Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň jikme-jik ýagdaýda ele alynjakdygyny aýdan Ýuriş Uşakow: “Gepleşigiň gün tertibiniň ileri tutulýan meselesi Siriýa krizisiniň çözüwi bilen bagly meseleler bolar” diýdi.

Uşakow Soçi şäherinde Siriýa Halklary kongresi ady bilen geçirilmegi meýilleşdirilýän gepleşikleriň taýarlygynyň hem orta atyljakdygyny belledi.



Degişli Habarlar