PÝD yrakly 4 müň bosguny düşelgeden kowdy

Siriýanyň gündogaryndaky Al Hul düşelgesinde ýaşaýan yrakly 4 müň bosgun, aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD tarapyndan düşelgeden kowuldy

838457
PÝD yrakly 4 müň bosguny düşelgeden kowdy

Yragyň Adam hukuklary Komisarlygynyň agzasy Ali Al Baýati Siriýanyň Haseke şäheriniň günorta gündogaryynda ýerleşýän düşelgä gözegçilik edýän PÝD-niň yrakly bosgunlary terror guramasy DAİŞ-iň gözegçiligi astyndaky etrapçalardan diňe birnäçe kilometr alysda ýerleşýän etrapçalara ugrandygyny aýtdy.

Baýati ady agzalýan wakanyň arkasynda resmi Bagdat bilen Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň arasyndaky krizisiň bardygyny belledi.

Yragyň Göç we bosgunlar ministrligine görä, ýurtda başdan geçirilýän çaknyşyklar sebäpli 4 milliona golaý yrakly ýurduň içinde bosgun ýagdaýyna geldi, müňlerçe adam hem goňşy ýurtlara göçmäge mejbur boldy.

 


Etiketkalar: #PKK , #PÝD , #yrakly , #bosgun , #ministrlik , #Bagdat

Degişli Habarlar