Ispaniýada Karles Puigdmont krizisi dowam edýär...

Kataloniýanyň lideri Karles Puigdmont Ispaniýanyň Milli kazyýeti tarapyndan penşenbe güni Madride sorag-jogap geçirilmek üçin çagyryldy

838824
Ispaniýada Karles Puigdmont krizisi dowam edýär...

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde bolan Karles Puigdmont bolsa Ispaniýa adalatly ýagdaýda sudlaşdyrylsa gaýdyp geljekdigini belledi.  

Emma Puidgmontyň aklawçysy katalon lideriniň madride gaýdyp barmajakdygyny we sorag-jogaba gatnaşmajakdygyny nygtap, gaýdyp baran halatynda tussag edilip bilinjekdigini beýan etdi.

Ispaniýanyň Ýokary kazyýeti diňe Karles Puigdmonty däl, eýsem Kataloniýanyň ýokary derejeli 13 ýolbaşçysyny hem soraga çagyrydy, çagyrylanlaryň sorag-jogaba gelmän halatlarynda tussag edilmek barada karar kabul edilip bilinjekdigi bellendi.

Bu karar kabul edileninden soň Ispaniýanyň Karles Puigdmontyň yzyna gaýtarylyp berilmegi üçin Belgiýa ýüz tutmagyna garaşylýar.

Beýleki tarapdan bolsa Karles Puigdmont bilen birlikde Brýussele giden 2 katalon ýolbaşçy Barselona gaýdyp geldi.

Geçen hepdäniň anna güni özbaşdaklyk statusy elinden alynan Kataloniýada bolsa sessizlik dowam edýär.

Kataloniýanyň mejlisiniň öňünde diňe howpsyzlygy üpjün edýän polisiýa gullugynyň işgärleri bar.



Degişli Habarlar