Ispaniýada ýagdaý dartgynlaşýar...

Kataloniýanyň birtaraplaýyn ýagdaýda Garaşsyzlyk yglan etmeginden soň Barselonanyň we Sewilýanyň köçeleri demonstrasiýalaryň salgysyna öwrüldi

836968
Ispaniýada ýagdaý dartgynlaşýar...

Takmynan 1 million adamyň Grasia meýdançasyny dolduran demonstrasiýalara merkezi hökümetiň we birligiň tarapdary bolan partiýalaryň agzalary gatnaşdylar.

ÝB bolsa resmi Madridiň arkasyndadygyny mälim etdi.

Beýleki tarapdan Kataloniýanyň lideri Karles Puigdmontyň tussag ediljekdigi ýa-da Belgiýadan sygynma talap edip biljekdigi baradaky gürrüňler artýar. Belgiýanyň Migrasiýa ministri Theo Franken mesele bilen bagly: “Häzirki ýagdaýa seredenimizde bular hakykatdan uzak ýaly görünmeýär” diýdi.

Kataloniýanyň lideri Karles Puigdmontyň weipesi elinden alynypdy we wezipesi merkezi hökümete berilipdi.



Degişli Habarlar