Kataloniýa Garaşsyzlygyny yglan etdi

Ispaniýanyň Kataloniýa Awtonom dolanşygynyň paralamendi birtaraplaýyn ýagdaýda Garaşsyzlygyny yglan etdi

835757
Kataloniýa Garaşsyzlygyny yglan etdi

Kataloniýanyň parlamendi Ispaniýadan aýrylmak üçin işe girişmäge başlady. Parlamendiň wekilleri garaşsyzlyk yglan etmek üçin gizlin ýagdaýda ses berdiler. 

Parlament ilki bilen Ispaniýadan aýrylmak üçin gerek bolan etabyň başladylmagyny kabul etdi.

Katalon wekiller soň bolsa Garaşsyzlyk yglan edilip-edilmezligi bilen bagly ses bermäge başladylar.

Gizlin ýagdaýda geçirilen ses berilşigiň netijesinde Kataloniýanyň ispaniýadan Garaşsyzlygyny yglan etmegi tassyklandy.

Kataloniýanyň Ispaniýadan aýrylmagyna garşy çykýan Halk partiýasynyň, Sosialist partiýasynyň we Watandaşlar partiýasynyň wekilleri ses berilşigi protest etmek üçin binadan çykdylar.

Ses berilşige garaşsyzlygyň tarapdary bolan 'Junts pel Si', CUP we Podemos bilen arabaglanşykly bolan 'Catalunya Si Que Es Pot' partiýasynyň deputatlary gatnaşdylar. 

Ispaniaýnyň merkezi hökümeti bolsa Kataloniýanyň garaşsyzlyk yglanyna garşy çäre görmäge başlady. Ispaniýanyň Premýer ministri Mariano Rahoý Kataloniýany gönüden-göni dolandyrmak babatynda teklip hödürledi. 

Ispaniýanyň Premýer ministri Rahoý asudalyga çagyryp: "Kataloniýada konstitutsion düzgüni ýaňadandan ýola goýarys" diýdi. 

ÝB Komissiýasy mesele bilen bagly beýanat bermekden saklandy. 

Ispaniýanyň Senady Kataloniýanyň özbaşdaklygynyň ortadan aýrylmagyny ara alyp maslahatlaşýar. 

Premýer ministr Rahoý Senatdan Kataloniýanyň lideriniň wezipesinden uzaklaşdyrylmagy üçin işe girişilmegini isledi we Ispaniýa taryhynyň iň uly howpy bilen ýüz-ýüze diýdi. 



Degişli Habarlar