Makron Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Barzani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Emmanuel Makron telefon söhbetdeşliginde Erbil bilen Bagdadyň arasyndaky dartgynlyga alada bildirýändigini nygtady

833046
Makron Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Barzani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Mesut Barzani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Emmanuel Makron telefon söhbetdeşliginde Erbil bilen Bagdadyň arasyndaky dartgynlyga alada bildirýändigini nygtady.

Haýsydyr bir çaknyşygynyň öňüniň alynmagy üçin taraplaryň sagdyn pikirli hereket etmegini islän Makron, dartgynlygyň gepleşik arkaly çözülmelidigine ünsi çekdi.

Makron Fransiýanyň iki tarapyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlygyň dialog arkaly çözülmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini ýatlatdy.

Mesut Barzani hem Makrona Kürt Awtanomiýasy bilen Yragyň merkezi hökümetiniň arasynda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda maglumat berdi.

 



Degişli Habarlar