Yragyň Prezidenti Kerkugyň halkyna adaty durmuşlaryny dowam etdirmekleri üçin çagyryş berdi

Yragyň Prezidenti Fuad Masum Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň 25-nji sentýabrda geçiren bikanun referendumynyň resmi Bagdat bilen Erbiliň arasynda uly düşnüşmezlige sebäp bolandygyny nygtady

829535
Yragyň Prezidenti Kerkugyň halkyna adaty durmuşlaryny dowam etdirmekleri üçin çagyryş berdi

Prezident Fuad Masum Kerkuk operasiýasy hakynda beren beýanatynda howpsyzlyk güýçleriniň şäherdäki nebit känlerinde, harby merkezlerde we döwlet eýeçiligindäki edaradyr-kärhanalarda gözegçiligi üpjün etmegi üçin harby we syýasy taýdan käbir wakalaryň başdan geçirlendigini nygtady we Kerkugyň halkyna kanunlara laýyklykda adaty durmuşlaryny dowam etdirmekleri üçin çagyryş berdi.

Bagdat bilen Erbiliň arasynda syýasy we dolanşyk taýdan başdan geçirilýän dartgynlygyň gyssagly çözülmegi üçin gepleşik geçirilmegi babatynda çagyryş beren Prezident Masum, gepleşikleriň konstitutsiýa laýyklykda geçirilmelidigini aýratyn belledi.

 



Degişli Habarlar