ABŞ Yragyň territorial bitewiligine goldaw berýär

Gallowaý ABŞ-nyň Yragyň territorial bitewiligine goldaw berýändigini belledi

827549
ABŞ Yragyň territorial bitewiligine goldaw berýär

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon Yragyň Kerkuk şäherinde başdan geçirilýän dartgynlyk sebäpli degişli taraplara dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durmaklary çagyryşyny berdi we Yragyň territorial bitewiligine goldaw berýändiklerini ýatlatdy.

Pentagonyň Ýakyn Gündogardan jogapkär bölüminiň metbugat geňeşçisi Adrian Rankine Gallowaý “Degişli taraplara dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durmaklary çagyryşyny berýäris. Terror guramasy DAİŞ-e göreşe we Yragyň durnuklylygyna zeper ýetirjek hereketlerden gaça durmaklary üçin duýduryş berýäris”diýdi.

ABŞ-nyň Yragyň territorial bitewiligine goldaw berýändigini aýdan Gallowaý, “Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň geçiren bir taraply referendumyna garamazdan dowam edýän dartgynlygy azaltmak we başdan geçirilýän kynçylyklaryň Yragyň konstitutsiýasynyň çäginde çözülmegi üçin iň gowy ýol gepleşik geçirmekdir”diýdi.

 



Degişli Habarlar