Yragyň Kürt Awtonomiýasy yza ädim ätdi

Yragyň Kürt Awtonomiýasy 25-nji sentýabrdaky garaşsyzlyk referendumyndan soň yza ädim ädip, Bagdat bilen gepleşikler geçirmek isleýändigini belledi

825710
Yragyň Kürt Awtonomiýasy yza ädim ätdi

Kürt Awtonomiýasy Mesut Barzaniniň ýolbaşçylygynda ýygnandy.

Bagdat tarapyndan edilen ädimler bilen çüňke gysylan Kürt Awtonomiýasy maslahatdan soň dialoga taýardyklary barada ýüzlenme berdi.

Yragyň Kürt Awtonomiýasy: “Howa menzilleri, gümrük geçelgeleri we banklar bilen bagly resmi Bagdat bilen gepleşikler geçirmek isleýäris” diýip belledi.

Resmi Bagdat howa menzilleriniň we gümrük geçelgeleriniň özlerine berilmän halatynda harby operasiýanyň geçiriljekdigi barada duýduryş beripdi.

Ozal gerek bolsa söweşeris diýen Yragyň Kürt Awtonomiýasy bolsa Bagdadyň 50 müň adamlyk goşun bilen demirgazyga tarap barýan diýilen habarlardan soň dialog geçirmäge çagyryş bermegi ünslerden düşmedi.

Bagdat soňky gezek bolsa Erbiliň esasy girdejisi bolan nebitiň turbalarynyň ýerine başga bir turba geçirjekdigini beýan edipdi.



Degişli Habarlar