Russiýa we Saud Arabystany S-400 babatynda ylalaşyga geldiler

Russiýa we Saud Arabystany S-400 howa goranyş ulgamlarynyň satyn alynmagy bilen baglanşykly ylalaşyk gazandylar

823018
Russiýa we Saud Arabystany S-400 babatynda ylalaşyga geldiler

Russiýanyň RIA Nowosti habarlar agentligine beýanat beren Russiýa Federasiýasynyň Harby-tehniki hyzmatdaşlyk guramasynyň wekili Mariýa Worobýowa Saud Arabystanyna S-400 ulgamlarynyň satylmagy barada ylalaşygyň gazanylandygyny habar berdi.

Russiýa bilen Saud Arabystanynyň arasynda harby enjamlaryň önümçiligini ýerlileşdirmek bilen bagly memoranduma gol çekişilendigini aýdan Worobýowa: “Saud Arabystany bilen S-400 ulgamlary bilen birlikde Kornet-EM taňka garşy raketalar, TOS-1A agyr ýarag ulgamlary, AGS-30 granatamýotlary we Kalaşnikow AK-103 tüpeňleriň berilmegi babatynda ylalaşyga geldik” diýdi.



Degişli Habarlar