Çilide 6,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Günorta Amerika materiginde ýerleşýän Çilide 6,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

824023
Çilide 6,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Amerikanyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi ýerli wagt bilen sagat 03:32-de bolan ýer titremäniň güýç merkeziniň ýurdyň Arika şäheriniň 73 km günortasyndaky Tarapaka diýilen ýerindedigini mälim etdi.

Ýer titremede ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolup-bolmandygy entek aýan edilmedi.

Çilide 2010-jy ýylda bolan 8,8 bal ululygyndaky ýer titremede 500-den gowrak adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar