Ysraýyl taňklary bilen Gaza hüjüm gurady

Ysraýylyň goşuny özüniň taňklary bilen gabawy astyndaky Gaza hüjüm gurady

822822
Ysraýyl taňklary bilen Gaza hüjüm gurady

Ysraýylyň Ýaragly güýçleri tarapyndan berilen beýanatda: “Goşunymyza degişli taňklar Gazanyň günortasyndaky Hamasa degişli harby baza hüjüm gurady” diýip mälim etdi.

Beýanatda taňklar bilen guralan hüjümiň Gazadan Ysraýylyň Aşkelon şäheriniň golaýyna düýn agşam raketa bilen guralan hüjüme jogap häsýetinde bolandygy bellendi.

Raketanyň boş meýadana gaçandygy we hüjümde ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolmandygy mälim edildi.

Ysraýylyň sebäp hökmünde agzap geçen hüjümiň jogapkärçiligini bolsa Gazadaky palestinaly toparlaryň hiç biri öz üstlerine almady.

Ysraýyl 2 million golaý palestinalynyň ýaşaýan Gazany Hamasyň 2006-njy ýylda saýlawlardan üstünlik gazanmagyndan bäri öz gabawy astynda saklaýar.

Gündogar Iýerusalim we Günbatar Şeria hem 1967-nji ýyldan bäri Ysraýyl tarapyndan gabaw astynda saklanýar. Ören diwary bilen bu iki ýeri biri-birinden aýyran Ysraýyl Günbatar Şeriada ýaşaýan palestinalylaryň Gündogar Iýerusalime geçmegini gadagan edýär.

Gabaw astyndaky Gündogar Iýerusalimde 200 müň, Günbatar Şeriada bolsa 400 müň jöhit ýaşaýar.



Degişli Habarlar