Idlibde bazar ýerne guralan howa hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 12 adam ýogaldy

Idlib welaýaty çaknyşyksyz zolak hökmünde yglan edilipdi

822745
Idlibde bazar ýerne guralan howa hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 12 adam ýogaldy

Siriýanyň Türkiýe serhedinde ýerleşýän Idlib welaýatynyň Maret Numan etrabynda bazar ýerne guralan howa hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 12 adam ýogaldy.

Hüjümde asuda ilatdan 15 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Ýaralananlardan käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygy sebäpli ýogalanlaryň sanynyň köpelmegine alada bildirilýär.

Hüjümi guran uçar hakynda heniz doly maglumat berilmedi.

Siriýanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Idlib welaýaty Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň Gazagystanyň paýtagty Astanada gazanan ylalaşygynyň çäginde dartgynlygyň gowşamagy maksady bilen çaknyşyksyz zolak hökmünde yglan edilipdi.

 

 



Degişli Habarlar