Russiýa ABŞ-ny Siriýadaky terrorçylara maglumat goldawyny bermekde günäkärleýär

Bu barada ministrliginiň metbugat sekretarynyň beýýanamasynda aýdylýar

820474
Russiýa ABŞ-ny Siriýadaky terrorçylara maglumat goldawyny bermekde günäkärleýär

Ministrligiň metbugat sekretary İgor Konaşenkow Siriýada ABŞ-nyň gözegçiligi astyndaky ýerlerden Sİriýanyň harby goşunlaryna hüjüm edýän terror guramasy DAİŞ-iň hökümetiň goşunlarynyň pozisiýalary baradaky maglumaty amerikalylardan alan bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Terrorçylaryň Siriýanyň hökümetine degişli güýçleriň gizlin ýerlerini anyk bilýändiklerini we şol ýerlerden sowulyp geçýändiklerini nygtan Konaşenkow: “Terrorçylar şol maglumatlary diňe howa barlaglary netijesinde alyp bilerdi. Şol maglumatlar olara sabotaž üçin ýörite berildi” diýdi.

Sebitdäki hüjümleriň arasynda ýeke-täk arabaglanşygyň bardygyny beýan eden Konaşenkow: “Bu hüjümleriň ählisi Siriýa-İordaniýa serhedindäki Amerikan güýçleriniň ornaşan Al Tanf bazasyndan gelýär” diýdi.

Konaşenkow Siriýada DAİŞ-e garşy göreşiň öňündäki esasy bökdençligiň terror guramasynyň harby mümkinçiligi bilen baglydygyny nygtap: “ABŞ-nyň Siriýadaky terrorçy toparlara berýän goldawy ýurtdaky terrorçylaryň ýok edilmeginiň öňündäki esasy päsgelçilik” diýdi.

 



Degişli Habarlar