Fransiýanyň Mýulz şäherindäki ýangyn bilen bagly bir adam göz tussaglygyna alyndy

Fransiýadaky ýangyn bilen bagly göz tussaglygyna alynan adam günäsini boýun aldy

819728
Fransiýanyň Mýulz şäherindäki ýangyn bilen bagly bir adam göz tussaglygyna alyndy

Fransiýanyň Mýulz şäherinde geçen hepdäniň ýekşenbe güni binany ýakyp 3-si Türkiýäniň raýaty bolan jemi 5 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan adam günäsini boýun aldy.

Fransuz mediasy ýangyn bolan güni göz tussaglygyna alynan adamyň günäsini boýun alandygyny habar berdi.

28 ýaşynda bolan we şol binada ýaşaýan adamyň ýangyn güni çilimiň galyndysyny binanyň ýer zeminine atandygyny we ýangynyň ýüze çykmagyna sebäp döredendigini mälim edildi.

Ýerli DNA gazedi aýyplanýan adama garşy kazyýet işiniň gozgalandygyny belledi.

Mýulz şäheriniň Respublikan prokurory Dominik Alzairi düýn geçiren metbugat ýygnagynda: “Ýangynyň bilkastlaýyn ýagdaýda ýakylandygyny pikir edýäris. Elimizde bar bolan ähli deliller şony tassyklaýar” diýdi.

Ýangyn bolan wagty şol töwerekde bolan we 2 sagadyň içinde göz tussaglygyna alynan 28 ýaşly adamyň esasy şübhe astyndaky adamdygyny aýdan Alzairi göz tussaglygyna alynan adamyň tapawutly etmişler sebäpli ozal hem birnäçe gezek kazyýetiň öňüne çykandygyny habar berdi.

Mýulz şäheriniň Bourtzwiller etrapçasynda bolan ýangynda 5 adam ýogalypdy, 8 adam ýaralanypdy.



Degişli Habarlar